döwlet1 at

Ýurduň agalyk edýän synpynyň bar bolan tertibi goramaklygy we beýleki synplaryň garşylygyny basmaklygy öňünde maksat edip goýan syýasy guramasy we şeýle syýasy guramaly ýurduň özi.

  • Magtymgulynyň döwründe, türkmenlerde merkezleşen bir döwlet gurluşy bolmandyr. («Edebiýat»)

döwlet2 at

Mal-mülk, baýlyk, bagt.

  • Ýigidiň myrady atdyr, Aty saklamak döwletdir. («Görogly» eposy)

  • Sen ogrulygyňy, ýalançylygyňy taşlasaň, döwlet taparsyň. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Meniň malym, döwletim hem bar, emma şunuň ýaly janly altyn aşygym ýok. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Ýagşy niýet -- ýarym döwlet. (nakyl)

döwlet guşy gonmak

Bagtyň uçmak, bagtyň gelmek.