döwek at

Bugdaý, jöwen, arpa we ş. m. däneli ösümlikler orlup alnandan soň, desselenip üýşürilip döwülmek prosesi, işi hem-de şonuň döwülýän ýeri.

  • Döwek döwmek hem mallaryň kömegi bilen geçirilipdir. (Gadymy dünýä taryhy)

  • Annagulynyň kakasy bugdaý döwegine gidipdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem döwek - döwegi.

döwege goşmak

Aty ýa-da eşegi döwek döwmek üçin goşmak.

  • Iş mallaryny alyp gitmeli, tohum mallary daga äkidip, döwege goşmak bolmaz. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)