döwdürmek işlik

  1. Böleklere böldürmek, bölekletmek, syndyrtmak.

    • Seresap bol, eliňdäki gapyrjagy döwdüreýme!

  2. Maýdalatmak, ýardyrmak, owratdyrmak.

    • Odun döwdürmek.

  3. Beden süňküň bir ýerini syndyrtmak.

    • Aýagynyň astynyň ykjam däldigini syzan mes bir at asmana zyňdy-da, iki wagonyň arasyna düşüp, bir aýagyny döwdürip, germesatan sallanyp galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Daşynyň gabygyny owratdyryp, içiniň maňzyny aldyrmak.

    • Şänik döwdürmek.

  5. Sandan çykartmak, bozdurmak, zaýalatmak (gural, maşyn we ş. m. hakda).