döwülmek dö‧wül‧mek işlik

  1. Eglip, egrelip, eplenip böleklenmek, bölek-bölek bolmak, synmak.

    • Gaýygyň döwlen agaçlary kenarda yklaşyp ýörenlerini görenimde, depe saçym üýşüp gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Döwlen el dogry bitmez. (nakyl)

  2. Basgylanyp, urlup ýa-da maşyndan geçirilip gabygyndan arassalanmak (bugdaý, arpa, miwe däneleri we ş. m. hakda).

    • Döwlen bugdaý dag ýaly bolup durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Sandan çykmak, bozulmak, haraplanmak.

  4. Gepleşik dili Näz-kereşme etmek, süýnüp-sarkmak, näzirgemek.

    • Ol gyz döwüljek bolýardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem döwülmek - döwler, döwlüpdir.

çöp döwlen ýaly bolmak

  1. Birden üýtgemek.

    • Onuň keýpi çöp döwlen ýaly boldy, ol ýüzüni sallap, güllerini göterip, dehedem-dessem edip yzyna gaýtdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Çürt-kesik edilmek (ap-açyk bolmak).

ýürek döwülmek

seret göwün


Duş gelýän formalary
  • döwlen
  • döwlende
  • döwlenden
  • döwlendigini
  • döwlenine
  • döwlenini
  • döwleniň
  • döwlenlik
  • döwler
  • döwlerde
  • döwlerden
  • döwlerdi
  • döwlerdir
  • döwlere
  • döwleri
  • döwlerine
  • döwleýin
  • döwläýse
  • döwlüp
  • döwlüpdi
  • döwlüpdir
  • döwlüpdir-de
  • döwlüpmi
  • döwüldi
  • döwüldi-de
  • döwüldim
  • döwüldimi
  • döwüljek
  • döwülme
  • döwülmedi
  • döwülmedik
  • döwülmegi
  • döwülmegin
  • döwülmeginden
  • döwülmegine
  • döwülmegini
  • döwülmeginiň
  • döwülmegiň
  • döwülmek
  • döwülmekden
  • döwülmekleri
  • döwülmeklige
  • döwülmekligiň
  • döwülmekçi
  • döwülmeler
  • döwülmelere
  • döwülmeleri
  • döwülmelerini
  • döwülmeleriniň
  • döwülmeleriň
  • döwülmese
  • döwülmesi
  • döwülmesin
  • döwülmesinde
  • döwülmesiniň
  • döwülmez
  • döwülmezden
  • döwülmezligi
  • döwülmezlik
  • döwülmeýän
  • döwülmeýär
  • döwülmäge
  • döwülmäli
  • döwülmän
  • döwülmändir
  • döwülmäniň
  • döwülse
  • döwülsin
  • döwülýän
  • döwülýändigini
  • döwülýäni
  • döwülýänliginden
  • döwülýänligini
  • döwülýär
  • döwülýärdi
  • döwülýärler