döwük dö‧wük

  1. Döwlüp sandan çykan, döwlen, synyk.

    • Garly hem döwük äýnegini dakynyp, işe başlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Bu çäýnegiň gulpy döwük.

  2. Döwlüp seplenen.

    • Ahmal bolmaň, onuň eliniň döwügi bardyr.

  3. Döwlen zadyň bölegi.

    • Howluda çüýşe döwükleri görünýärdi.

  4. Gabykdan arassalanan (döwek, miwe hakda).

  5. Bozulan, işlemeýän.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem döwük - döwügi.


Duş gelýän formalary
  • döwüge
  • döwügi
  • döwügimiň
  • döwüginden
  • döwügine
  • döwügini
  • döwüginiň
  • döwügiň
  • döwügiňde
  • döwükde
  • döwükden
  • döwükdi
  • döwükdigini
  • döwükler
  • döwüklerde
  • döwüklerdir
  • döwüklere
  • döwükleri
  • döwükleridir
  • döwüklerin
  • döwüklerinde
  • döwüklerinden
  • döwüklerine
  • döwüklerini
  • döwükleriniň
  • döwükleriň
  • döwükli
  • döwükligi
  • döwükliginiň