döwüşmek1 işlik

  1. Bir zady bölekläp döwmäge kömekleşmek, bölek-bölek edişmek, owradyşmak.

    • Odun döwüşmek.

  2. Döwek döwmäge kömekleşmek.

  3. Daşynyň gaty gabygyny owradyşyp, içiniň maňzyny alyşmaga kömekleşmek.

    • Şänik döwüşmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem döwüşmek - döwşer, döwşüpdir.

döwüşmek2 işlik

Gepleşik dili Uruşmak, söweşmek, çaknyşmak.

  • Döwüşseň, mert bilen döwüş, Namardy kowujy bolma! («Görogly» eposy)