Hakykatda bolmadyk ägirt güýçli mifik jandar.
Günler gelip geçdi, sagady doldy, Döw çagasy ýaly bir ogly boldy. (A. S. Puşkin, Ertekiler)
Işleseň, döw ýaly işlejek, ýöne meniň normama gözüňi dikip ýatmagyňa men-ä düşünmeýärin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem döw - döwüm, döwüň.
Akyla şikes ýetmek, kelle aýlanmak, üýtgemek.
Meniň saglygyma döw çalar ýaly däl. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Seni döw hem çalanok, seniň sakgalyňdan tutup, men şeýle bir çalaýyn welin, onsoň sen telbelikden hem aňryk geçersiň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir gezek oýnalyp gutarylýan oýun, tapgyr.
Bularyň bir döw oýnajak, küştleri birnäçe sapara bardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem döw - döwüm, döwüň.
Oýny ökde bolmak, oýunda utmak.
Emma Gurt gartyň şärikdeşi-de ýokdy, zady-da ýokdy, ol pullar döwüniň süren gijesi utan puludy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Eden işi ýol almak, işi şowly bolmak.