dökülmek işlik

  1. Bir ýere guýulmak, agdarylmak.

  2. Saçylmak, akmak.

    • Goý, gözüňden ýaşyň dökülmesin!

  3. Sepilip gitmek, pytramak, dargamak, ýaýramak.

    • Merwerit dek däneleri dökülýärdi. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  4. Ýolnup aýrylmak, gaçmak, düşmek.

    • Seniň ýapraklaryňyň wagtyndan öň dökülmegine men sebäp boldum. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  5. Bir zadyň içi barlanmak, bir zat agtarylmak, gözlenmek.

    • Içeri döküldi.

  6. Toplanyşyp gelmek, köp bolup çozmak.

    • Dagdaky döwekçileriň üstüne dökülen garakçylaryň tutulan habary oba eýýäm gelip ýetipdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)