däp

  1. Hemmeler tarapyndan kabul edilen düzgün-tertip, dessur, adat.

    • Daýhanlaryň adaty diýjekmi ýa-da däbi diýjekmi, ilki saýlanan miraby suwa çümdürip çykardylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Endik, türgenlik, gylyk-häsiýet.

    • Ir ýatyp, ir turmagy däp edinipdir.

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem däp - däbim, däbiň.


Duş gelýän formalary
  • däbe
  • däbedir
  • däbi
  • däbi-de
  • däbidir
  • däbim
  • däbimi
  • däbimiz
  • däbimizden
  • däbimize
  • däbinde
  • däbinden
  • däbine
  • däbini
  • däbiniň
  • däbiň
  • däbiňi
  • däpde
  • däpden
  • däpdi
  • däpdir
  • däpler
  • däplerde
  • däplerden
  • däplerdir
  • däplerdäki
  • däplere
  • däpleri
  • däpleridir
  • däplerimiz
  • däplerimize
  • däplerimizi
  • däplerimiziň
  • däplerin
  • däplerinde
  • däplerinden
  • däplerine
  • däplerini
  • däpleriniň
  • däpleriň