däl

Özüniň bile ulanylýan sözüniň doly manysynda däldigini we umuman ýoklugy görkezýän söz.

  • Ýogsa Sähediň pyçagy, başga birnäçeleriňki ýaly, tylla gynly, almaz tygly, deňli-derejeli pyçak hem däldi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Myrat kele galsa meni kowjak hem däl weli, onuň aýan ýaly gyzy kowdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)