burunlak

Uzyn burunly, uly burunly.

  • Ol süňklek, garaýagyz, burunlak bir oglandy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Beýlekisi bolsa boýny bokur, gözi çukur, burunlak uzyn adamdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem burunlak - burunlagy.