burun1

  1. Adamyň ýüzünde haýwanyň tumşugynda ýerleşen dem dem alyş we ys duýuş organy.

    • Çybyn ýolbarsyň burnundan dişläp başlaýar. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

    • Aýsoltan ýapragy burnuna tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Gaharyň gelse, burnuňy dişle. (nakyl)

  2. Aýakgabyň ýa-da başga zadyň öň tarapy, ujy.

    • Göterip jigisin, maşyna tarap, ýöredi aýagnyň burnuna garap. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Geografiýa Üç tarapy suw, bir tarapy gury ýer bolup, suwuň içine girip duran süýnmek ýer; umuman şonuň ýaly süýnüp giden gum depesi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem burun - burnum, burnuň, burny.

burnundan getirmek

Iýenini-içenini janyna noş bolmaz ýaly etmek, azap ýamanyny bermek, horlamak.

burnuňy uzatmak

Bir zatdan hantama bolup ymtylmak.

iki eliňi burnuňa sokup gelmek

seret el

  • Men indi iki elimi burnuma sokup, nä ýüzüme baraýyn? («Tokmak» žurnaly)

jüýk burun

seret jüýk

burun2

Könelişen söz Ozal, öň, ilki, öňürti.

  • Ol daň atmazyndan burun, geçelgä ýetişmegi göz öňünde tutýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem burun - burnum, burnuň, burny.