burulmak işlik

  1. Bir tarapa towlanyp tow berilmek.

    • Inçe simlerden burlup işilen sim urgan.

  2. Towlanyp berkidilmek, towlanmak.

    • Gowşan burma çüýler burlup berkedildi.

  3. Temmi berilmek, çümmüklenmek.

    • Ol edil öz budundan burlan ýaly boldy.

  4. Bir tarapa öwrülme, sowulmak.

    • Ol çepe burlup, aýagyny kiçijik gapynyň birinji basgançagyna basdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  5. Başga tarapa öwrülmek, sowulmak (gep, gürrüň hakda).

    • Onýança Goçmyradyň gelmegi bilen bularyň gürrüňi başga tarapa baka buruldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  6. Kemsinmek, ejizlenmek.

    • Hile bilen size «garyp men» diýer, şu hili möjekler il malyn iýer, burlup gelse, boýnun towlamak gerek. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem burulmak - burlar, burlupdyr.