burugsatmak işlik

Ýakyp bilmän tüsselemek, tüsse çykarmak.

  • Sen maňa öýkünip, bu ýerde çilimiňi burugsadan bolma, men-ä çekimçi. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem burugsatmak - burugsadýar, burugsadar, burugsadypdyr.