burugsamak işlik

  1. Ýanman tüsselemek, burum-burum tüsse çykmak.

    • Tarlanyň ýagdaýyny bilmäge gelýärkä, birden burugsap çykýan tüssäni görýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýiti ys bermek, ys urmak.

    • Gowrulýan etiň ysy tamdyrda bişýän çöregiň ysy bilen goşulyşyp burugsaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)