burmak işlik

  1. Bir tarapa towlap towlulandyrmak.

    • Iki simiň ujuny atagzy bilen burup berkitmek.

  2. Birtarapa towlamak, towlap berkitmek.

  3. Bir tarapa öwürmek, sowmak.

    • Urup, sögüp, endamyňdan burardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Başga tarapa çekmek, sowmak (gepi, gürrüňi we ş. m.).

    • Sen näme üçin meniň sözümi başga ýana burýasyň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem burmak - burdum, burduň, burupdyr.

boýun burmak

seret boýun

  • Bäşim rugsat bermegini ejesinden boýun burup haýyş etdi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)