burjy1

Gyşyň sowuk aýlarynda daşyň, dagyň, ösümlikleriň we başga zatlaryň üstünde emele gelýän gar görnüşli doňan buz, sallanyşyp duran jyza.

  • Köçäniň boýdan-başa ikiýan tarapyna ekilen agaçlar burjy baglap, şahalaryny aşak egip otyrdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem burjy - burjuda, burjular, burjusy.

burjy2

Käbir mallaryň, haýwanlaryň botlajak, guzlajak bolanda heläk bolýan ýagdaýy.