Bir zadyň, predmetiň taraplarynyň birigen ýeri, künji, çüňki.
Gylyç Gajar ogly köçäniň burçundan dolanyp gözden ýitdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bu jaýyň bir burçunda agaç krowat bar eken. (A. Gowşudow, Mahri-Wepa)
Matematika Bir nokatda birigen iki çyzygyň aralygy.
Göni burç (burçy 90° deň bolan burç).
Ýiti burç (90° az bolan burç).
Kütek burç (90° köp bolan burç).
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem burç - burçum, burçuň.
Mör-möjekleriň, haýwanjyklaryň saklanýan jaýy, ýeri (köplenç mekdeplerde).
Botanika Süýnmek miweli dik ýaýrap ösýän ösümlik we onuň tagam üçin ulanylýan ýakymly ýiti ysly hasyly.
Bolgar burçy. Gyzyl burç. Gara burç.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem burç - burçum, burçuň.