bulam-bujar

Haýba-haý dällik, garym-gatym, bulaşyk, tertipsiz.

  • Onuň samraýan sözleri bulam-bujardy. (A S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Aýaklaryny tarpyldadyp aýlanýar, Uruş hakda bulam-bujar oýlanýar. (A. Atajanow, Iki Poema)

  • Ýarym-ýarçyk, bulam-bujar syýasat Logiki garym-gatymlygyň döremegine-de sebäp bolýar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)