bulak

Çeşme suwy, akýan ýapjaga, aryk.

  • Towlanyp bulaklar möwç urup daşýar. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Gatnap bulak boýuna, Gamly Läle aýdýardy. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  • Ony okanyňda, dury mawy asman, daşlaryň arasyndan çogup çykýan bulaklar göz öňüne gelýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bulak - bulagy.


Duş gelýän formalary
  • bulaga
  • bulagy
  • bulagyn
  • bulagyna
  • bulagyndan
  • bulagyň
  • bulaklar
  • bulaklarda
  • bulaklary
  • bulaklaryndan
  • bulaklaryny
  • bulaklaryň