bulaşyklyk

  1. Bulam-bujarlyk, çalam-çaşlyk, tertipsizlik.

    • Saçyň bulaşyklygy adamyny gelşiksiz görkezýär.

  2. Aýdyň dällik, garym-gatymlyk, baş-başdaklyk, düşnüksizlik.

    • Soň bir hili bulaşyklyga düşüp okuwyndan hem kowlupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Açyk dällik, tutuklyk (hawa hakda).

    • Şu günki howanyň bulaşyklygy işe päsgel berdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bulaşyklyk - bulaşyklygy.