bulaşyk

  1. Bulam-bujar bolup giden, çalam-çaş, tertipsiz.

    • Enesi onuň derlän bulaşyk saçlaryny eli bilen sypalaşdyrdy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Jepbar sözleýän wagtynda, bulaşyk kirpikleri dynuwsyz gyrpyldaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň kellesindäki köp wagt bäri daralman, telpek ýaly bolup giden bulaşyk saçlary onuň hyrsyzlygyny has hem güýçlendirýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  2. Aýdyň däl, garym-gatym, garjaşyk, düşnüksiz.

  3. Açyk däl, tutuk, bulanyk (howa hakynda).

    • Ýoksullyk endişesi şeýle bulaşyk ýelli howada maşgalany has-da howsala salýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bulaşyk - bulaşygy.