bulaşdyrmak işlik

  1. Hapa bulamak, çirk ýokdurmak, hapalatmak.

  2. Yzly-yzyna bulamak, çalt-çalt bulamak.

    • Ýene-de agaç çemçe bilen bulaşdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Agzalalyk düşürmek, bulagaýlyk döretmek, bulaşyklyk döretmek.

    • Munuň ýaly halky bulaşdyrýan melgunyň köküni köwlemek gerek. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Bulam-bujar etmek, garym-gatym etmek.

    • Hasap-hesip işlerini bulaşdyrmak.

  5. Pikir garyşmak, zerarly bir zady ikinji bir zat bilen çalşyrmak.