bukdaklamak işlik

  1. Birine özüňi görkezmezlik maksady bilen ýapyrylyp ýörmek, görünmejek bolup hereket etmek.

    • Olar oturan wagtlarynda, Wüşi kel, gorka-gorka zordan ýüz-ýüz elli ädim ýakynlaryna bukdaklap baryp bildi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gije garaňky bolsa-da, hüjüm edýäni, bukdaklaýany, gizlenip gaçýany saýgarmaga köp sanly ýyldyz şöhlesi mümkinçilik döredýärdi. (B. Kerbabaýew Aýgytly ädim)

  2. Ogryn gezmek, gaçgak bolup gezmek.

    • Artyk onda-munda iki gün bukdaklap gezeninden soň yzyny barlap görmek üçin çatmalaryna dolanyp geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)