bukdaklaşmak işlik

  1. Görünmejek bolup eglişip, ýöremek bukulyşyp ýörmek.

    • Hany, siz hem sözüňizde tapylyň -- diýer öýdüp, Tüýli bilen Myrat ýalama hem Akmyrady gören ýerlerinde bukdaklaşyp ýörler. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Onuň göwnüne bolmasa, öýe baka merhemetsiz adamlar ýapyrylyşyp, töwereklerine garanjaklaşyp, bukdaklaşyp gelýän ýalydy. (M. Gorkiý, Ene)

  2. Ogryn gezişip ýörmek, gaçgak bolup gezişip ýörmek.