bujak

[bu:jak]

Göläniň, geçiniň, goýnuň derisinden, hamyndan suwuk zat guýmak üçin edilýän gabyn, meşigiň, ýanlygyň goly ýa-da art aýagy.

  • Artyk onuň agzyny bogdum hasan etse, bujagy açylýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bilýän, şu mahallar Aýtguly geläýse, sen bujagy çözülen tuluma dönerdiň. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Bujagy çözülen ýanlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bujak - bujagy.