bozulmak işlik

  1. Ýykylmak, dargamak, sökülmek.

    • Jaýlaryň eýwanlary bozulyp aýrylypdyr.

  2. Döwülmek, ýenjilmek, zaýalanmak.

  3. Pytramak, dagap gitmek.

    • Ýykylyp ordam bozuldy, Däli köňlüm serhoş oldy. («Görogly» Epasy)

  4. Ahlaksyz bolmak, betniýet bolmak, azmak.

    • «Bozulanyň öňünden, düzüleniň soňundan» nakylyna eýerýärmiň? ! (B. Kerbaýew, Aýsoltan)

  5. Gaýgydan ýa-da şatlykdan ýaňa göze ýaş aýlamak, tolgunmak, hapa bolmak.

    • Gyzym, bozulma-da ýagdaýa seret, Howlukma, darykma, bar-da pikir et. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Anton aga bozulyp, ýüzüni aşak saldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)