bozuk

  1. Sandan çykan, döwük, zaýalanan.

    • Altyn kümüş gözelleriň şaýydyr, Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez. («Magtymguly Pyragy»)

    • Jigimiň oýunjak tüpeňi bozuk ýatyr.

  2. Ýoldan çykan, azgyn, betniýet.

    • Öý eýesiniň ogly bozuk hem ahlaksyz adamdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bozuk - bozugy.

göwni bozuk

seret göwün

keýpi bozuk

seret keýp

  • Keýpimiň bozuk wagtynda sen meni güldürdiň. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

niýeti bozuk

seret niýet

  • Ol, päli ýaman, niýeti bozuk adam.