bozmak işlik

  1. Bir zady ýykmak, dargatmak.

    • Duşmanlary dargadyp, höwürtgesin bozdular. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  2. Sandan çykarmak, döwmek, zaýalamak.

    • Maşyny bejerjek bolup bozmak.

  3. Öçürip aýyrmak, süpürmek, öçürmek.

    • Rezin bilen bozup aýyrmak.

  4. Birini azdyrmak, ýaman ýola salmak, ýoldan çykarmak.

    • Ýaman dil il bozar, ýaman aýak-ýol. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bozmak - bozdum, bozduň, bozupdyr.

rahatlygy bozmak

seret rahatlyk

  • Gelip meniň rahatlygym bozýarsyň! (Şekspir, Otello)

ümsümligi bozmak

seret ümsümlik