bozlamak işlik

[bo:zlamak]

  1. Mylaýym ses bilen sokduryp seslenmek (düýe, köşek hakynda).

    • Düýe bozlap, at kişňäp, Janlylyk döredi daşda. (R. Seýidow, Bagtlylar)

    • Köşeginiň sokduryp bozlaýan näzik sesi gulaga gelýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Zaryn seslenmek, nala çekmek.

    • Bozlap aglaýar welin, ýüregimi paralap barýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)