bozgaklyk

Agzalalyk döretmek bilen meşgul bolmaklyk, tertip-düzgüni bozujylyk, gara ýüreklilik, başbozujylyk.

  • Men ol bozgaklygyň içinde ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nämälim, nadan toparlaryň bozgaklyk çykarmagyna çydap bolmaz. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Meniň ýüregimde zerrejik bozgaklyk bolman, men bagtly ýaşaýyş ýoluna gadam urýan ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bozgaklyk - bozgaklygy.