bosaga

  1. Gapynyň aşak bölegindäki keseligine pola berkidilip goýlan agaç.

    • Tamyň bosagasyndan ätläp, bir garry öýe girdi.

  2. Wakanyň ýagdaýyň ön ýany, başlangyjy.

  3. Gäminiň ýüzmegini kynlaşdyrýan, derýanyň düýbündäki daşly beýikler.

    • Dnepr bosagalarynda harytlar we gaýyklar kenar bilen çekilip geçirilipdir. (SSSR Taryhy)