bolmak işlik

  1. Eneden dogulmak, dünýä inmek, emele gelmek.

  2. Gatnaşmak, barmak.

    • Ýygnakda bolmak. Işde bolmak.

  3. Bir ýerde köp wagt ýaşamak, durmuş geçirmek, gezmek.

    • Puşkin Peterburgda bolan ýyllary (1817-1820) ruhy taýdan çalt ösdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  4. Gutarmak, tamamlamak.

    • Men M. Gorkiniň «Ene» romanyny okap boldum.

  5. Kömekçi işlik funksiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar.

  6. Ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereketi aňladýar.

    • Çopan bolmak, mirap bolmak, jem bolmak, wejera bolmak, kesel bolmak;.

  7. Ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde, gymyldynyň bolup gutaranyny aňladýar.

    • Baryp bolmak, görüp bolmak, için bolmak, iýip bolmak;.

  8. Ysnyşyp gelýän işligi bilen modallygy görkezýär.

    • Bu dagdan geçip bolarmy? Maşyny bu ýerden sürüp bolmaz.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bolmak - boldum, bolduň, bolupdyr.

bolmajysy bolmak

Ýetjek derejesine ýetmek, hondan bärsi bolmak (otrisatel gylyk-häsiýet hakda).

  • Niçikmi, ýekeräk öýde gyzyl-çyzyl göräýdigi, bar ondan soň ol bolmajysy bolýar. («Tokmak» žurnaly)