bolgusyz sypat

Ownuk-uşak, ähmiýetsiz, ujypsyz, biderek, ugursyz, boş.

  • Obanyň orta gürpündäki demirçi ussanyň bolgusyz dükanynyň töwereginde janly hereket başlandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Wasýa bolgusyz zada gaharlanýar. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Üstüne abanyp gelýän ullakan howp olaryň hiç birini gyzyklandyrman, ownuk meseleler barada bolgusyz gürrüň etdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)