bogun

  1. Organizmiň ownuk bölekleriň birleşýän ýeri; eliň, aýagyň ownuk süňkleriniň biri-biri bilen birigişýän ýeri.

    • Onuň gara, duzly palçygy, ep-esli ululykda bolan köli emele getirýän duzly suwy guragyry, bilagyry, bogun hem-de damar kesellerini bejermekde ýaramly serişdedir.

    • Küştleriniň perzisi, aty, ruhy, pili we başgalary agaçdan goýnuň bogun süňklerindendir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Gamyş, gargy we ş. m. ösümlikleriň baldaklaryndaky bölümler.

  3. Grammatik termin Sözleriň çekimli sesleri boýunça bölünýän bölegi.

    • Seýdiniň hemme dörtlemeleriniň bogun sanlary deň däldir. («Edebiýat»)

    • Bu sözleri ol bogunlara bölüp, ýaňsy bilen aýtdy. (N. Jumaýew, Ak derek)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem bogun - bognum, bognuň, bogny.

açyk bogun

Çekimli sese gutarýan bogun. Ýapyk bogun-soňy çekimsiz sese gutarýan bogun.

bogny ysmazlyk

  1. Bir zada erk edip bilmezlik, gaýraty çatmazlyk, bir işe hötde gelip bilmezlik.

    • Bu gezek hem göz-görtele ýalan sözlemägä onuň bogny ysmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol bärden baranda, Artygyň öýde ýoklugyndanmy ýa Şekeriň öýdeligindenmi-bir hili bogny ysmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Dözüp bilmezlik, el degrip bilmezlik.

    • Onuň dostuna zyýan ýetirmäge bogny ysmaz.


Duş gelýän formalary
  • bogna
  • bognum
  • bognuna
  • bognunda
  • bognundaky
  • bognundan
  • bognuny
  • bognunyň
  • bognuň
  • bognuňyz
  • bogny
  • bogunda
  • bogundaky
  • bogundan
  • bogundyr
  • bogunlar
  • bogunlara
  • bogunlarda
  • bogunlardaky
  • bogunlardan
  • bogunlardygyny
  • bogunlardyr
  • bogunlary
  • bogunlaryna
  • bogunlarynda
  • bogunlaryndaky
  • bogunlaryndan
  • bogunlaryny
  • bogunlarynyň
  • bogunlaryň
  • bogunlaýyn
  • bogunly
  • bogunlydyr
  • bogunlydyrlar
  • bogunlyk
  • bogunlylary
  • bogunsyz