boguk bo‧guk

  1. Gyryljyk çykýan, gyryk, tutuk (ses).

    • Ol gürrüň wagtynda oňaýly bir söz aýtsa ýa göwnüne jaý bir söz eşitse, boguk sesi bilen gülüp, elini şol tüýlere getirerdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Ýegorjyk! Ýegorjyk! -- diýip, iki sany sesiň boguk pyşyrdysy eşidilýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  2. Gepleşik dili Boglup goýlan, bogulgy.

    • Bogdaklaryň agzy bogukdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem boguk - bogugy.


Duş gelýän formalary
  • bogukdy