bogmak işlik

  1. Bir zady daňmak, desseläp baglamak.

    • Jan ogullar, ýene ýekeje gün gaýrat ediň, ot bogmakdan hem dynarsyňyz! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Desse bogýan aýallaryň hereketlerinden, orakçylaryň ýüzlerinden, oraklaryň ýalpyldysyndan jöwzanyň ýakyp, gowrup barýanlygy görünýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny-bogup. (nakyl)

  2. Bokurdagy gysmak, bogazy gysyp kynlyk bilen dem aldyrmak.

  3. Erk-ygtyýaryny çäklendirmek, gysmak.

    • Buthana ylmy pikiriň çala ýüze çykmagyny bogupdyr. (Orta Asyrlar Taryhy)

  4. Öňüni beklemek, baglamak, goýbermän saklamak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem bogmak - bogdum, bogduň, bogupdyr.

başyny bogmak

seret baş

  • Belli biriniň başyny bogsak bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)