bogdak bog‧dak

  1. Däneden we ş. m. doly bolmadyk agzy boglan bogdak, torba w ş. m.

    • At üstünde iki bogdak un hem bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Desselenen daňy, desse.

    • Ol iki bogdak gül bilen iki-üç sany oýunjak, bir guty şokolad alyp, wokzala taksili gitdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bogdak - bogdagy.


Duş gelýän formalary
  • bogdaga
  • bogdagy
  • bogdagyny
  • bogdagynyň
  • bogdagyň
  • bogdaklar
  • bogdaklarynda
  • bogdaklaryndan
  • bogdaklarynyň
  • bogdaklaryň
  • bogdakly
  • bogdaklygyna