Anatomiýa Gyzylödegiň we dem alyş ýollarynyň başlanýan ýeri, damak.
Bogazyň örän oňat açylypdyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Indi çörek bilen ýarma-da bogazyndan geçmeýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bogazyny bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar. (nakyl)
Boýnuň öň tarapy, bokurdak.
Ony sypdyrman bogazyna syrtmak atmak gerekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Käbir bokurdakly gaplaryň boýny.
Göwnüň bozulmak, aglasyň gelmek, agyň tutmak, gahar gelip ýa-da begenip ýuwdunmak, hamsykmak.
Onuň begenjinden bogazy doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nökeriň ýüregi awady bogazy doldy, ýuwdundy. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-Bekişmez)
Nursoltanyň bogazy doldy, sözüni dowam edip bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
seret gygyrmak
Alty sopynyň bogazyny ýyrtyp, azana gygyrmasy näme üçinkä? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ne bärik, ne-de aňryk, hiç ýana gidip bilmän, bogazda galmak.
Biraz suw, çaý we ş. m. içmek.
Geografiýa Köl bilen materigiň ýa-da iki deňziň arasyndaky inçejik suw boşlugy.
Odisseýiň gämisi darajyk bogazda tas heläk bolupdyr. (Gadymy dünýä taryhy)
Ynsan we haýwanlaryň içinde çagasynyň emele gelen döwri.
Guba düýe bogazdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Bogaz sygyrlary mineral iýmitler-hek we süňk uny bilen goşmaça iýmitlendirmek gerek. (W. A. Trafimowskiý, Ýaş iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmek)
Ol ýurtda bolsa bir bogaz geçi galan eken. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)