Ýelken berkitmek üçin gämilerde edilýän beýik sütün.
Odisseý özüni bogaldaga pugta daňmagy buýruk beripdir. (Gadymy dünýä taryhy)
Batly ýeliň derdinden buraw wyşkasy edil gäminiň bogaldagynyň güýçli gaýlarda bolşy ýaly yraň atyp jygyldaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bogaldak - bogaldagy.