boşatmak işlik

  1. Bir zadyň içini boş goýmak, içindäki zatlary aýyrmak, içinden çykarmak.

    • Siz galany boşadyp, tabşyryp gitmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Daňysyny çözüp goýbermek, bagyny çözmek.

    • Endamlarynda der bugarýan öküzleri çarhdan boşadyp, ot küdesiniň kölegesine getirdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Göläni boşadyp goýberiň.

  3. Azat etmek, erk bermek.

  4. Birini işden, wezipesinden aýyrmak, çykarmak.

    • Häziriň özünde arzaňy ýazyp bilersiň, boşadarys goýberibereris! -- diýip, Katýa saklanyp bilmän torsardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Atmak.

    • Men hem ätiýaç üçin alyp baran gaşa tüpeňimiň iki gözüni hem boşatdym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Adama bir awtomat magazinini boşatdyk. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem boşatmak - boşadýar, boşadar, boşadypdyr.

içiňi boşatmak

seret

  • Guwanç hakynda gürläp içini boşatjakdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)