boşamak işlik

  1. Boş bolup galmak, bir zadyň içi boş bolmak.

  2. Azat bolmak, azatlyk almak.

    • Belki tussaglar hem boşar? (B. Kerbabaýew. Aýgytly ädim)

    • Dünýä zähmetkeşleriniň geldi boşajak wagty. (A. Kekilow, Saýlanank eserler)

  3. Wezipeden, işden çykmak, işden aýrylmak.

  4. Daňylgy, baglangy ýagdaýyndan aýrylmak.

    • Düýe boşapdyr.

  5. Boş bolmak, gowşamak.

    • Tigriň boşan gurşawyny berkitmek.