boş

  1. Içine hiç zat salynmadyk, doldurylmadyk.

    • Goçmyrat stoluň bir çetinde duran boş käselere hem çakyr guýuşdyrypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Hiç kim tarapyndan eýelenmedik, eýesiz.

    • Hiçbir boş kürsi ýok, hemme ýer doly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Ekin ekilmedik, hiç zat gögermedik, peýdalanylmadyk.

    • Ine, şu şäheriň duran ýeri ýaňy-ýakynda hem tozap ýatan boş meýdandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Zähmet bilen meşgullanmaýan, işsiz, biderek.

    • Hoşgeldi boş gezmeli bolan birnäçe gününi boş geçirmedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Giň, gysmaýan.

  6. Baglanmadyk, daňylmadyk.

    • Düýeleriň aýagy boşdy.

  7. Bolgusyz, ähmiýetsiz, manysyz, esassyz.

    • Boş güpläp gürledi. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem boş - boşum, boşuň.

agzy boş

seret agyz

başy boş

seret baş1

  • Başy boş aýal.

beýnisi boş

seret beýni

  • Özi ýaş, beýnisi boş. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

eli boş

seret el

  • Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý. (nakyl)