Gepleşik dili Birini ýa-da bir zady boýna mündürip götermegiň bir görnüşi.
Ogluna bolsa bujagaz oýunjak bilen şokolady berip boýunmündük edip maşyna mündürerin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Aýalyňy boýunmündük edip götermeli diýen taglymata menin-ä gözüm düşmedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem boýunmündük - boýunmündügi.