boý

  1. Adamyň göwresine ýa-da bir zada degişli uzynlyk, beýiklik.

    • Gowagyň ini bir metr, boýy üç metr. (M. N. Skatkin, Jansyz Tebigat)

  2. Ösüş, kämilleşiş prosesi.

    • Gowaçanyň bir näçesi entek inini, boýuny kemally almandyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Suw ýakasy, kenar ýa-da bir zadyň ugry.

    • Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  4. Göçme manyda Durmuşa çykmadyk, öýlenmedik.

    • Biri hem boý, jemi dört gyzy bar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Bolgusyza barynçaň, boý oturgyn ölinçäň. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem boý - boýum, boýuň.

boý almak

Ýetjek derejesine çenli ösmek.

ömür boýy

seret ömür

  • Munuň üçin ol ömür boýy ünjüli boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýol boýy

seret ýol

ýyl boýy

seret ýyl

  • Ýylboýy zähmet çekýän. (Mollamurt, Saýlanan eserler)