[bi:za:r]
Halys ýadan, irgin, iren.
Men suwa düşmekden bizar-la, men suwsuz ölüp barýan! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ondan halk öňem-ä bizar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Bir zatdan ýa-da birinden irmek, halys ýadamak.
Men olardan bizar bolan hem bolsam, dogrusyny aýtmagyň aýyby ýok. (Görogly» eposy)
Bütinleý boýun gaçyrma, ýüz dönderme.
Onuň meni öýereninden elli bizar geçen-le. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)