Birinji ýöňkemäniň köplügini aňladýan at çalyşmasy.
Biz biri-birimiz bilen sözleşýäris we pikir alyşýarys. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Biz gaýtjak bolup durkak, howanyň bulaşjakdygyny aňdyk. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Awtor ýa gepleýän adam tarapyndan okyjylara, diňleýjilere ýüzlenilende «men» manysynda ulanylýan söz.
Gözel ýarym, bizi goýma armana. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
[bi:z]
Ak reňkli irimçik nah mata.
Onuň gursagyndan akan gan donuny, biz köýnegini gana bulapdyr-da gatapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kapasada top-top bizi, Asylgydyr Hywa dony. (Çary Aşyr, Poemalar)
Ol tomsuna agar çäkmen, gyşyna bolsa pagtaly don geýerdi, biline ak biz guşak guşanardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
[bi:z]
Köwüş, ädik tikilende deşik deşmek üçin ulanylýan saplyja, ýiti uçly esbap, gural.
Ussanyň inçeli-ýogynly birnäçe bizi bardy.