biynjalyk

[bi:y:njalyk]

  1. Birahat, ynjalyksyz.

    • Sorag bilen ony biynjalyk edäýmäýin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Aladasy barlyk, gaýgy-ünjüsi barlyk, ynjalygy ýokluk, aladalylyk.

    • Ozaldan hem biynjalyk Çerkeziň Pökgi wala tüýs ýüregine düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem biynjalyk - biynjalygy.