bitmek işlik

  1. Tamam bolmak, ýerine ýetmek, berjaý bolmak, gutarmak, dolmak.

  2. Gögermek, ösmek.

    • Oýnap ekseň, boýnap biter. (nakyl)

  3. Gutulmak, sagalmak.

    • Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez. (nakyl)

    • Ýara bitipdir. Döwlen injik bitipdir.

  4. Çökündi ýa-da kesmek tutup, öňi ýapylmak.

    • Bu jüründigi bitmişden wagty bilen gezek ýetmez, ýör otly gelmänkä, ýoluň ol ýüzünden suw alyp geleli. («Tokmak» žurnaly)

  5. Boldumly, hasylly gögermek, ösmek, hasylly bolmak.

aýak bitmek

seret aýak

  • Abadan ýaňy aýak bitenje gyzjagazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dil bitmek

seret dil2

eşigi bitmek

seret eşik

  • Umuman, onuň garny doýup, eşigi bitmedi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

göwün bitmek

seret göwün

  • Täze dostdan göwni bitdi. («Mydam Taýýar» gazeti)

diýeniň bitmek

Aýdanyň bolmak, diýeniň ýerine ýetmek.

  • Agaň ýanynda diýeniň bitýämi? («Görogly» eposy)