birlik1

  1. Bir meňzeşlik, umumylyk.

  2. Bitewilik, agzybirlik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem birlik - birligi.

birlik2

  1. Biri bildirýän sifr.

    • Owadan ýazylan birlik.

  2. Okuwçylaryň okaýşyna berilýän iň pes baha.

  3. Ýekelik, ýalňyzlyk.

  4. Oýnalýan bir gülli kart.

    • Haç birlik.

  5. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san.

    • Birlik kagyz manat.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem birlik - birligi.

birlik san

seret san